Seniň bagtyň
Sen bagtyňy gözlän wagtyň,
gözlän wagtyň öz ýoluňy,
başgalardan aljak bolma,
tapanlaryň gözläp uzak,
bagty, ýoly bilen beýik
bolup bolýan bolsa aňsat,
seret dünýä, bagtly adam
köp bolardy çenden, çakdan,
sen öz bagtyň gözle mydam,
öz ýoluňy tapynjak bol,
aljak bolma özgäň donun,
ýagyş ýagsa, gar syrasa,
öz çäkmeniň ýapynjak bol.