Aýdylmadyk sözler

Aýdylmadyk sözler, hytaý diwary,
saklar seni Hytaýa däl, özüňe,
iň eziz adama barmakdan ýakyn,
durmakdan ýakyn,
aýdylmadyk sözler daş bolar agyr,
asylar arkaňdan, çeker aşaga,
bagyşlamaz olar iýilen hakyn,
iteklärler seni özüňden daşa,
ilerik ýa gaýrak, näme diýerler,
birden gaty görse o biri menden,
birden ters düşünse bu biri maňa,
ýa o biri çekse diýenim kesä,
ýa beýleki çekse özüne sözüm,
müň bahana tapar dymanda adam,
özünde özüni jaýlap dirikä,
aýdylmadyk sözler ýeke seni däl,
meni däl-de, ulus ili ýok eder,
olar hytaý diwary däl, könelen,
belki, Hytaý bolup ýuwutjek heder,
howp bize, gelýän uzak ýol aşyp,
agzyn açyp, ýalňyşmadyk adam ýok,
hem adam ýok hemme aýdyja aşyk,
aýdylan söz, belki, gyzdyrar ili,
belki, köşeşdirer, düşüşer gyzan,
ýöne aýdylmadyk sözüň kän bolsa,
gerek bolmaz artyk aldajy, hazan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024