Hata
Arak-şerap, o birisi,
diýdi tapyp bermez jogap,
hiç soraga, sora näçe,
ýöne sorag çykar ýatdan
içdigiňçe, ýeňläp kelläň,
açyk ýaly ýapyk köçe,
gyzyl çyra görner sary,
soň agralar kelläň ýene,
kän agyrar, dörär sorag,
aşyp bilmän ýok haýatdan,
walla, näme boldy maňa,
ýa nirede etdim hata,
yzyň tapmak bolar görgi,
ýykylan dek bedew atdan.