Ýalňyzlyk

Eje, seniň gözýaşlaryň, dözümsiz
sadalygyň şindem ýaşaýar mende,
ýogsa käte otdan, suwdan geçiren
durmuşyma sagbol aýdýan içimden,
ol köçede, labyrlardan birisi,
ýolda motoryny ýük maşyn kakyp,
ölüpdir, daň atandan soň bilindi,
gyzgyny hem sowamandyr jesediň,
diýýärdiň, wah, uzak gije kösenip,
agzyna suw damdyrjagy gözländir,
seň bileňok ahyr diýýärdim, käbäm,
emma şindem göz öňümde obadaş,
çynar ýaly ýigit, gurbatdan gaçyp,
tomsuň güni, gara gije garaşýan,
agzy kepäp, kimdir birniň gelerne,
eje, seniň gowulygyň, dört klas
bilimiň hem ýetimligiň, kakasy
urşa giden gyzjagazyň, ejesiz,
agalarynyň ojagynda ulalan,
hem atamyň ýesirligi, duşmanyş,
Staliniň türmesinde, gidenok,
taşlamaýar meni, geçse-de ýyllar,
ýaşap ýör içimde, ýalňyz edenok.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024