Saýlamak we saýlanmak hukugy

Her kim özi, geýip görüp saýlaýar,
aýakgabyn, mümkin bolsa, elbetde,
aýagyny goýup gelmän öýünde,
täzesini geýip, könesin zyňyp,
ýyrtyk bolsa, öýe ýetmän, köçede
täze hyjuw bilen başlaýar ýola,
ýöne durmuş köwüş alan ýaly däl,
dogulmaýar adam islän ýurdunda,
milletini saýlap-seçip almaýar,
almaýar ol ene bilen atasyn,
bilimliräk diýip, ýa diýip uzyn,
ýa-da asly adam çykýan nesilden,
sen özüňi özüň etmeli durup,
aýagyň üstünde, eliň taýakly,
eger çopan bolsaň, bakyp süriňi,
aç-hor etmän, hor bolmajak bolmaly,
eger alym bolsaň, has-da kyn işiň,
çölüň möjegi däl döwjekler dişiň,
ugran ugruň göreş, boýun almaly,
diýmek, adam saýlap alýar durmuşyn,
ýa gaçmaly peýläp ýeriň pestini,
ýa-da belent daga galjak bolmaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024