Emili Dikinsonyň äheňinde
Men bir hiç kim, a sen kimsiň?
Ýa-da senem hiç kimmisiň?
Diýmek, iki bolýas onda,
goý, olaryň hemmejesi,
bizden başga, beýlekiler,
eýlekiler, işli örän,
uly, kiçi, ýerden ýörän,
näme ýa kim bolan bolsun,
ýa ynansyn özlerine,
ýa ynanman, ýalan gülsün,
ýöne belli, bizden beter,
hiç kimi kän arasynda,
ak sakgally ýa ýaş entek,
boýun alyp, bilip bilmän,
görüp bilmän kim sag, tentek,
gara heläk bolsun ýörsün,
ýöne bizde däl günäsi,
bolanyn özünden görsün.
Soraýan ýok, gowy ýeri,
tapýar olar öz ornuny,
başga ýere gitmeýärler,
belki, ozal öten, geçen,
emma ötüp, ötmeýärler,
aslyşýarlar, elleri ýok,
ezilseler, dilleri ýok,
eli boljak bolsaň eliň
iki elli itip daşa,
dil açýarlar gazap bilen,
seňki näme, daşda ýaşa!