Mähelle meselesi

Sen köplügi ýigren ýa-da ýigrenme,
üýtgemedik, ütgemejek asyrlap,
süreniň ugruna sürülýän mydam,
ussatlygy näme bolsun sürüjiň,
ýygananyşyp, çykarsalar hökümi,
gygyrsalar: atmaly-da-atmaly,
bagyrsalar: asmaly-da-asmaly,
ýa basmaly diýip ömürlik ütrmä,
gowy bolmaz halyň, kim bolsaň, galsaň,
pikir etme senden öňki geçenler,
akmak ýa-da bolan däldir şowakör,
gahar etme, ol o diýdi, bu diýdi,
kime näme diýilmedi jahanda,
mesele däl kimiň näme diýeni,
seniň oňa garaýyşyň, gaharyň
aýagyňa badak boljak, belki-de,
kime näme gürrüň berýäň, pikir et,
kime näme düşündirjek bolýarsyň,
düşünmejek sözüňe däl, surata,
ak kagyza çekip berseň garalap,
ýa ulanyp dürli galam, reňkli,
gyzyl, sary, gök-goňury garana,
iň esasy – kim ýanyňda, ýarana,
ýoldaşyňa gowy seret, kim olar,
nökerleriň yzyň alyp göterjek,
hä, hawa ýa berekellaň ýetirýän,
ynanýarmyň, ýa ýitirýäň wagtyňy,
barmy berjek sowgat berlen tagtyny,
kim taşlajak ştangasyn göterýän?

Milletiňi ýigrenme sen, gyrylan,
sürülen ýüz, müňlerçe ýyl sürgünde,
onuň bolup bilşi, boljagy şeýle,
oýnama sen oýunsyzyň oýnuny,
kelte oýny, görnüp duran aňyrsy,
iki göçüm görüp bilmän öňünden,
goşulma oýnuna ugrun ýitiren,
öz boýundan kiçi oýny oýnýan,
öz oýnuna ynanmaýan mahluga,
iň bolmanda wagtym geçirýän diýip,
ne özüň gül, ne-de güldür duşmanyň,
çykyp sahna, seňrik ýygryp iliňe
gülmek ozal basgylamak özüňi,
gynançly bu, gülkünç bu, düşünseň,
ýykylan ýa duranyny bilmeýän,
ýa ýykyljak diwar üçin jan etme,
iň esasy - zaýalama sözüňi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024