Milletiň günäsi

Hemme bilýär, bilmeýän ýok sorasaň,
okuw gerek, bilim gerek ösmäge,
bir duran ýeriňde durmak bolmaýar,
herekete bereket bar, ýaradan,
sen barmasaň, seň ýanyňa gelmeýär,
bu gün işiň goýman her gün ertire,
ýa çagaňa, kitap berip eline,
okatmasaň, soramasaň bilmeýär,
okamaly näme, bilmeli näme,
oýnajak ol, edil ulular ýaly,
oýunjagy, oýuny bar özüniň,
guçan ýaly ähli arzan aýaly,
gören ýaly ähli içgiň hezilin;
hemme bilýär, adam gerek okuwly,
öz işini gowy bilýän, bitirýän,
emma ikilikçä wezipe ýetse,
satylsa ol köp berene, pul üçin,
begenýän kän, başyn tutup oturman,
sebäbi peselse, gaçsa dereje,
pikir edýär, aňsat bolar ýaşamak,
ýöne bu tersine, aýalda, ärde,
nädip gaçdy bu çukura jemagat,
hemme bilýär, millet günäkär bärde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024