Ganhor ýoly

Мы живем на проспектах имени палачей. Татьяна Вольтская

Ganhorlaryň adyndaky köçeler,
uçar menzilleri, oba, şäherler,
ganhorlaryň heýkelleri, haýbatly,
esasy maksady uly-kiçiniň,
howuny basmaly, gapmaly gözün,
pikir eden aýdyp bilmesin sözün,
soragam bermesin gulaga ýakmaz,
köp öldüren, diýmek, edermen, batyr,
ýa köp ýurdy basyp alan, agladyp,
gyran-jyran edip garryny, ýaşy,
ýeňileniň adaty bu, ýeňeniň,
ýok edeniň adyn edýär ebedi,
öldürilen bolsaň, ýok mazar daşy,
mazaryň ýok, tapyp bilmez gözlän-de,
ganhorlaryň adyndaky köçeler
elter seni obasyna jelladyň,
mazarlary hatar tutan, owadan
daş goýulan saýlap gowudan-gowy,
hem olaryň heýkelleri beýik bor,
ýeňen ýaly geljek, öldürjek ýowy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024