Terrorçy hökümet

Zamun alýar çagalary aç, suwsuz,
zamun alýar garry eneň-ataňy,
doganlaryň, dosty-ýaryň gorkuzyp,
ýüregine wehim salýar ullakan,
gara günde goýup milleti, ili,
öler ýaly edýär bükülip bili,
ogurlaýar gelin-gyzyň ömrüni,
ýigitleri goly bagly gul edýär,
gyrnak edýär aýallary, çagaly,
saçy sübse, kesewi dek elleri,
eklemeli çagalaryn her edip,
ogurlaýar ene-ataň mazaryn,
soňky ýola ugratmakdan geçirýär,
dyz epdirmän başujynda gideniň,
edermen ol, öz ýanyndan öçürýär,
maşyn bilen suw getirýär öýüňe,
içiňde ot, ataş bolsa öçürýär,
hem ar odun ýakýar içiňde öçmez,
bilip, bilmän, belki, oýnaýan oýnun,
çapmaly ol, kesbi şeýle, çapdyrsaň,
penjek geýip ýa-da derisin goýnuň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024