Dymmak - ezileniň öjümi?
Silence is the tortured man's revenge. Gregory David Roberts
Bu şeýlemi, biziň iller,
dymýarlarmy öçli bolup,
ogul-gyzyn aç goýandan,
ata-baba ýerin alyp,
suwun alyp, alyp erkin,
türmä salyp agzyn açsa,
dälmi dymmak razylyk,
zorlanmaga gije-gündiz,
berýärmi il hanyň merkin,
dymmak bilen, uçar ýaly,
uçarlarda gözün ýumup,
açar ýaly öz aýbyny,
gülki bolup dünýä, bilmän,
soňuna çen göçer ýaly,
göterilip ýeňles, suwjuk,
sähel ýelde öçer ýaly?