Surat

Gynançly ýaşaýyş

Men olara gynanýaryn,
aty öwüp, iti öwüp,
öwüp ýene birlerini,
ezilene el uzatman,
görmän onuň görgüsini,
ýetim-ýesir naçarlary,
otuz ýyllap ýer sermenýän,
çörek atly, pyýada il,
gözün ýumýan bolup dana,
saýlap alyp bir adany,
bir adama bolýan diňe,
ýaşaýarlar, saklanýarlar,
soň ölýärler, ýeten güni,
ýaşan ýaly gowy, gözel,
çekip başa ýorganyny.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024