Jorj Orweliň äheňinde
Uruş gerek, bir aýlyk däl, bir ýyllyk,
hemişelik gerek, eger isleseň
hökümeti mydam elde saklamak,
sebäbi ol diňe adamlary däl,
ýok edýär olaryň guran köprüsin,
ýumurýar jaýlaryn, gömýär guýusyn,
eger ýeňiş bolsa, uruş gutarsa,
durmuş ösýär, maşgalanyň ýagdaýy
gowulaşýar ýuwaş-ýuwaş, beteri
çagalaryn okadýarlar adamlar,
olar gowy pikirlenýär öňküden,
näme boldy, näme boljak, düşünýär,
görüp bilýär neler gopýar ýokarda,
ýa nähili aşyk edýär köplügi
hökümet oýnuny oýnaýan azlyk,
gerekmejek asla siňe seretseň,
kesip aýyrmaly çiş ýaly tende,
emma uruş, açyk ýa-da ýaşyryn,
başgalara garşy, ýa garşy ile,
öz ýurduňda, boýun alman urşulýan,
aç saklamak üçin garryny, ýaşy,
aň-üşügi ösmez ýaly hiç haçan,
kütekleşer ýaly ynanyp alla,
hudaý bardyr, özi ýetişer diýip,
ýa jennetde hüýr gyzlary guçaryn,
arzuw eder, öter öz-özün aldap,
diýip metjit gurar sahy hökümet,
ekdi bolan bolsa, eçilip almyt,
beýleki, howplyny tutup köstünde,
uruş gerek hökümete, talaňçy,
galar ýaly öz atynyň üstünde.