Surat

Barlygyň syry

If you want to find the secrets of the universe, think in terms of energy, frequency, and vibration. Nikola Tesla

Eger dünýä düşünesiň gelse seň,
ýa barlygyň syrlaryna, yrgylda,
hereket et irden turup azajyk,
hereket et günortanlyk iýeňsoň,
hereket et agşamlygyň edinip,
eger galjak bolsaň ýeriň ýüzünde,
bakyýa däl, birazajyk artykmaç,
etjek işiň bolsa ýürege düwen,
ýa-da edip lezzet alýan azajyk,
azajyk ýeňletdim ýüküni diýip,
ýa-da derdin adamlaryň, özüňe,
niýetiňe çyndan ynanýan bolsaň,
iň esasy syry barlygyň, dünýäň,
hereket et, çökme aşak, gymylda,
bir gün dursaň, soň iki gün ökünýäň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024