Minnetsiz minnet
Polisiýa, prokuror, kazylar,
ak halatly lukman bilen birleşip,
häkimlikler, gümrükçiler, salgytçy,
ýa ýangyny söndürýänler söndürmän,
Nesimini soýan ýaly dabandan,
soýar ili, arasynda seni-de,
iň ýakynyň, garry, naçar sylanmaz,
hatda olar sylap bilmez özlerin,
biri-birin iýer, agzy ýetende,
sen galamly adam bolsaň, elbetde,
alajyň bar, aýaklaryn ýuwmaly,
ellerine suw akydyp, gan bolsa,
ýa-da bolsaň datlysesi milletiň,
sazandasy bolsaň, bolsaň heýkelçi,
çöregiňi tapyp bolýar minnetsiz,
eger gullugynda dursaň minnetiň,
bak, görelde görkezen kän, alan kän,
hemem ýaşan iýip, doýman öz etin.