Surat

Hasap milleti

Çeke duran saňa düşünip bilmez,
hatda golaý gelen düşünmez saňa,
pursatparaz bolsa, wagty, sagady
diňe görýän dürbüsinden bähbidiň,
iki günlük, uzakçyl däl hiç haçan,
gyzan bolýan dara-dire bolanda,
emma derrew, soňun saýyp köşeşýän,
çekilýän ozalky duran ýerine,
çemeçil dogulan, çemeçil ene,
çemeçil atadan alan sapagyn,
çemeçil dostlary, söýen, halany,
öýleneni, ýa durmuşa çykany,
eger göreldesi çemeçil bolsa,
senem biraz çeke dursaň, wagtyňy,
sagadyňy ýitirmeseň gowy bor,
çekinjeň millete, maslahat alsaň,
saklamazlar uzak, owadan bolsun,
çykaryp zyňarlar güli hem solsa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024