Surat

Ýalaňaç we possunlylar

Ýalaňajy ursaň, belli netije,
possunlylar gorkar, agzy uçuklap,
aýagyndan ysgyn gaçar köplügiň,
bogar olar öz-özlerin ikelläp,
hiç mertbe galmaz ýaly içinde,
görmedik bol, seniň etjek işiň ýok,
hany iller, nirä seredýär diýip,
şonuň üçin öldürerler şahyry,
žurnalisti öldürerler garawsyz,
gowy adamlaryň eşigin geýip,
gözüniň alnynda ulusyň, dymýan,
tomaşaçy bolýan hemem arzuwy,
urulýanyň ýanynda däl, urýanyň,
öldürýäniň biri bolmak başarsa,
dowam edýär durmuş, ýalaňaç bolsaň,
ýa ýalňyşyp, kömek etseň adama,
iliň ýokdur, ýokdur dogan-gardaşyň,
umyt etme, ýetjek bolmaz dadyňa,
ýöne birden, bizar bolup özünden,
ejizlikden, iýýän dabandan depä,
öz-özüne garşy çykan tapylsa,
garşy çykan öldürmäge özüni,
her gün irden dogjak bolýan jägildäp,
ýok, boljak däl diýip gurjaga gurjak,
bu meniňem işim diýip urlanyň,
ýok edilýän iliň ýanynda durjak,
arkasynda durjak, ölmän mugtuna,
doganyňam bolar, bolar iliň-de,
şoňa çenli paltaň bolsun biliňde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024