Surat

Bimanynyň manysy

Hany seniň kitaplaryň,
ýa-da indi başlajakmy?
Ýa gynanýaň il halyna,
ýa-da indi daşlajakmy?

Egilýänler, aýal, erkek,
ýüze sylyp beren zadyň,
gerek dälmi saňa artyk,
alkyşlaýan işiň, adyň?

Hany seniň tigirleriň,
biri-birisinden gowy,
egin-eşik, äýnekleriň,
aýakgabyň, iň päpeje,
çaga ýaly, geýip çykan,
getirseler sowgat diýip,
özüň aşyk, özüň söýüp,
akja torbaň eliňdäki,
ýa arkaňda, gerek, belki,
hany seniň bedewleriň,
biri-birisinden gözel,
iň esasy – maşynlaryň,
eýläk süren, beýläk süren,
aýdymlaryň hany seniň,
sazy, sözi ogurlanan,
dogry, ýygnak geçirýärsiň,
ýeke özüň gürlemeli,
ýöne çäre azalýar-la,
azalýar-la gykylyklar,
gurluşyklar, açsaň baryp,
ýa bizarmyň barysyndan,
içiň, daşyň bilen aryp?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024