Gürleşmeli adamlar
Gürleşmeli adamlar bar,
adamlar gülüşmeli,
iç döküşip ýa degişip,
ýolda, yzda duşsa birden,
ýa ýaşasaň goňşy bolup,
ýa bir jaýda, täleý, belki,
bir-biregiň üstün dolup,
ýapyp, dolap ýetmezini,
dymyşmaly adamlar bar,
adamlar bar aglaşmaly,
gujaklaşyp, ýa-da sessiz,
uzak ara, emma ýürek
görýär baryn, göz gerek däl,
geregi ýok hiç bir gepiň,
ýa gürrüňiň, degişmäniň,
adamlar bar, birleşmeli,
birleşmesiz adamlar bar,
diýse diýsin näme dilde,
eger özüň etmeseň har.