Ejizläniň umydy
Korrupsiýa, ogurlyga, açlyga,
doýmaz-dolmaz emeldara hormatym,
ýa sylagym ýokdy jinnek ýaly-da,
indi görüp imperiýaň halyny,
nije asyr gözi gumdan dolmadyk,
ýa dolmadyk dagy-düzden, derýadan,
tokaýlardan, aňyrsyna gözýetmez,
mazar ekip ýaşan ähli ýaşyny,
ol ogryny, bu ogryny tutsalar,
gazap bilen çytma derek gaşymy,
ýylgyrýaryn tutulmadyk ogrynyň
aýagyna düşeseler haly-da,
sebäbi umyt bar, olar birleşip,
gurban berer, belki, guduz maly-da.