Surat

Jogapkärçilik

Sen isle ýa isleme hiç,
başga biri, dyman üçin,
elindäki ýeri alnyp,
suwy alnyp, arly ýyllap
eden işi püçek bolan,
çagalaryn doýagarna
ne iýdiren, ne geýdiren,
ne okadan millet üçin,
erki üçin gul bolanyň,
berki üçin, hala ýa ýok,
jogapkärsiň, jogapkär däl,
hem alkyş bu, hem-de gargyş:
ýoldaş bolsun niýet hem päl!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024