Surat

Garaşsyzlyk güni

Bahyl bolsa deňiň-duşuň, düşnükli,
düze çykyp, pökgi oýna, halamaz,
aýagyňa badak salar gol salsaň,
ýa ota git, ýoldaş bolup, tigiriň
ýelini goýberer ot ýygýan wagtyň,
suwa düşseň, ýap boýunda güneşläp,
besdir indi diýip gurunsaň, gülüp,
duýman durkaň gelip, şildirim atar,
bahyl bolsa obaň, iliň, näme et,
näme etme, ýatan bolar oýaka,
ýa-da başga sebäp gözlär işiňden,
gowulykdan başga, niýetden başga,
ile-güne bolsun diýýän, gyýylýan,
soň diýersiň raýdaşlyk, duýgudaş
gözlemegiň peýdasy ýok, esasy
ilden çykma, belki, çyksaň-da dinden,
emma seniň isleg-arzuwyň bilen
gabat gelmez ýokardakyň arzuwy,
ýa niýeti, ýaman goldanar gowy,
ýa gorkuzar gowulary biruçdan,
haýra şärik gitdigiçe azalar,
din hem iman dilde bolar, ýürekde
başga zat bor, görmeseň-de görersiň,
düşünersiň adamlaryň adam däl,
şeýtan bolup oýnaýanna, her dersiň
başynda ýa aýagynda, bitirip,
bahyl bolsa, iliň-günüň ownasa,
çöpe taşlar, näme berseň getirip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024