Adamlaryň etjek işi
Olar seni, dogan-gardaş, uýalar,
doganoglan, dolananlar, çykanlar,
ýegenler, daýylar, goňşy-golamyň,
düýnki günde duz iýişen, gatnaşan,
bile okan, bile işlän dostlaryň,
tanyşlaryň, nätanyşlar, tanaýan,
bilýän seniň eden işleriň biraz,
golaýlaşan, daşdan synlap duranlar,
bir gün bolar ýüzüňkessir uranlar,
satar olar eger hökümet alsa,
ýa keýpine, göriplikden, peslikden,
ýa arkaňdan gürüň, gybatyň edip,
müýnli, emma aklan bolup özlerin,
seni samsyk, haýyn edip ynjalar,
bu hemişe şeýle boldy, ýene-de
şeýle bolar, çykan ýoluň bilmeseň,
ýöne özüň bilýän bolsaň niýetiň,
özüň halap gelen bolsaň bu ýola,
sen ýüzüne ýylgyrmarsyň hiç itiň,
üýrüp gitdi ýa-da sessiz topuldy,
eder-eder, bary gataldar etiň.