Zerurlyk
Oswensimden soň poeziýa gaty zerur. Özem ol köp bolmaly, ol bize ýaşamak üçin gerek. Piti Pan
Hiç taryhyň peýdasy ýok,
öwretmeýär hiç zady ol,
üstesine ýeňijiler ýazýarlar
islän zadyn, hakykaty däl asla,
geregini alyp özüne ondan,
gerek dälin zyňyp ýa-da süpürip,
aýyrýarlar hakydadan, haýatdan,
adamlary gurjak, oýnatgy edip,
oýnar ýaly ertir, agşam, günortan,
emma goşgy, bu başga zat düýbünden,
ol hakyky arhiwidir hakydaň,
hatyradyr duýgulara eýlenen,
eger iliň güň bolmagyn isleseň,
ýa isleseň lal bolmagyn, geplese
diňe aýdylanyn gaýtalap bilýän,
goşgulary boşgy bilen çalşyr-da,
sür öňüne ýalan-ýaşryk şahyry,
senedini birçak satan, çalyşan
iki döwüm çörege ýa araga,
poeziýa, gerek bize her agşam,
gerek ol säherler gözýaş dökmäge,
din hem iman çyrşalansoň asfalta,
arzan, gymmat arabanyň tekeri
basyp geçip durka ynsaby günde,
boş sözleriň manysy ýok, ýok nepi,
ýaşajakmy, goşgy oka her günde,
gel, goýaly başga, artykmaç gepi.