Adam we öwüt

Öň aýdylan, soň aýdylan kän gezek,
ýene-de kän gaýtalanar, bilýärin,
emma, adam, çyplak geldiň sen diýip,
äkitmersiň ýanyň bilen zen diýip,
näçe bolsun, ýa ýaş bolsun aýalyň,
ýa näçe guç, ýeri ýaglar ten diýip,
ýa ýatladyp, jana ýoldaş däl malyň,
bir kişini haýalladyp boljagyn,
ýa pälinden gaýtarany bilemok,
hem bilemok, näçe bolsaň-da güýçli,
gelişiň dek ejiz, gowşak gidersiň,
hiç gidesiň gelmez, gözleriň açyk,
görýän zadyň galsa, ogşap gidersiň,
agzyň ýetmän, suw damdyrsa aýalyň,
oýun saýar diýseň gagşap gidersiň.

Boluşy dek gelen wagty, türkana,
kir-kimirsiz ýürek bilen gidýän az,
öýke bilen, kine bilen gidýän,
ýa-da gahar, arman gidýän kän,
äkidýän kän toplan ähli ýigrenjin,
ökünjini, bahyllygyn, buýsanjyn,
diýseň, adam, ölme beýdip eselip,
öz ýanyňdan ýaryş gurup, peselip,
ýa-da diýseň hiç kim bolup galarsyň,
unudarlar üçüň, ýediň geçmänkä,
diňlemez ol diýseň bolar bigäne,
ters görelde goýup gitseň yzyňda,
erkek eşek, ogullaryň owarram,
hatda aglap, ýasyň tutmaz gyzyň-da.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024