Dünýe we adam

Adamlary bildigimçe, o biri,
diýip giden, gowy görýän itimi,
dogry, aç it guýrugyny bulaýar,
emma adam ýarag bular başarsa,
basyp alan ýeri köp bolsa çenden,
gul edilen erkekleri iberer,
ýene-de ýer, ýurt almaga zor bilen,
kim ýokarda tonna-tonna pul ýasar,
kim aşakda öýün urar gaçanyň,
içinde kän toý-meýlisi halaýan,
hemem ýetik gözläp ölüm-ýitimi,
biznesini ýola goýan owadan,
o dünýäden gürrüň eder, diňleseň,
köne dünýäň şol bir barşy, durmaýar,
adam durýar, eger ony geňlese.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024