Partiýa galyby

Şükür, alla, atam, enem,
hiç partiýaň agzalary bolmady,
ýokaryk galmady ellerin çarpyp,
soň ýeňseden depilmedi,
adam satman, satyldylar mugtuna,
garaşylýan zatdy, tötänlik däldi,
geň galasy ýa-da haýran bolasy,
ýokarda ýalňyşyk bolandyr diýip,
ogullary däldi partiýa ogly,
galyp şahyr, ýazyjy däl, ýaranjaň,
kerpiç ýaly bişen ýa-da bişmedik,
islendik diwarda ulanyp bolýan,
gara güne salmak üçin milleti,
terror bilen çyzyk çekip daşyna,
adam bitdi ýa ownady, aşyk dek,
partiýany täç edinip başyna.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024