Surat

Kompartiýa

Kompartiýa, Çinde bolsun, özüňde,
heý, bolarmy görkezmese ýüzüni?
Ýok, sen oňa gulluk edip bilersiň,
aýdyp, diýip, belki, ýürek sözüňi,
goşgy ýazyp, gyryp ýaragsyz halky,
dini-iman bilip gyzyl bilediň,
gülüp, aglap, gerek wagty el çarpyp,
ikiligi däp edinip iliňe,
ýöne taýyn bolup bilmersiň asla,
gezek gelip, seniň özüňe bir gün,
birden, üýşüp urulanda biliňe.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024