Surat

Haýyş

На гибель сына гонит мать, А поп велит вам убивать… Андрей Макаревич

Ýok, sen bize gürrüň berme,
ýurduň hakda, näme bolýar,
näme durmuş ýa-da durmak,
näme susmak, özüň bilip,
ýa zor bilen susdurylmak...

Görüp ýörüs, çekip jebrin,
işi näme, näme sözi,
barjak däldik, biljek däldik,
üstümize geldi özi,
ýarag alyp, saçakly däl,
hem diňleseň, eger-eger,
ýeňi daşly, pyçakly däl.

Halklar dogan diýdi, bildik
nämedigin doganlygyň,
ýylgyrmaly ýalan diňe,
açdyk diýdi gözüňizi,
barýas diýdi diňe öňe...

Ýok, sen asla gürrüň berme,
ynandyrma, hünäriňdir,
geliň, görüň diýen bolup,
has öňüräk düşündik biz,
şarpyk, şapbat iýen bolup,
bolup uzak kiçi dogan,
aýdym aýdýaň, belki, bilmän,
gözümize dograp sogan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024