Öý açlygy
Öýe gitmek, ýurdumyza dolanmak,
başardarmy bize aýatda, alla?..
Bir bize däl, meger, özüne ilki
ikiligiň ulusyn eden il,
biz nirede, Pyragyny okanok,
oklawy dek setirleri, kim bolsaň
özüňi özüňe görkezýän, belki.
Bu seniňmi, ýa-da biziň işimiz,
ýa başgalar, alla, syrtmagyn sallap,
asdy bizi ýeke-ýeke, hatarlap,
kine agajyndan, ekdirip ozal,
düýbini depdirip boýy ýetýänçä,
suw daşadyp aşagyna elekli,
soň çapdyryp paltaň kütegi bilen,
öz oturan şahamyzy, begenip,
bu oýunmy ýa-da durmuş diýilýän
ozal-ahyr diňe şeýle boldumy,
alla, gaýdyp görerismi ýurdumyz,
ýa ol indi düýşümizde galdymy?
Uruş, gowga, alan-aldy, almadyk
galdy garyp, Garaguma gabalyp,
ýok, mesele malynda däl adamyň,
pulunda däl, halal, haram toplanan,
ýüreginde, näme üçin görmeýär,
ýa-da görüp, beter ezýär ejizi,
ýa ýalňyşmy adalaty gözlemek,
ýa gözlemek adamlarda adamy,
uly il-ä, bardyr diýip bir çeni,
a soň gördük batyr eken, beg eken,
duzuň iýip, aragyňy içeni...
Agzynda aş gatyklaýar gürleýän,
ýöne bilýär kül üstünde, Kapda däl,
alajy ýok, elin serýär hudaýa,
emma hudaý Garaguma bakmaýar,
ýa-da başga milletler bar has möhüm,
derdi agyr biziňkiden, öňňeden,
eger ozal bilen bolsak, belki-de,
sapak alyp ogry-jümri, çöňňeden,
üzeňňiden üç geçmegi öwrenip,
ozdurardyk bar şagaldan, tilkiden...
Öýe gitmek, ýurdumyza dolanmak,
başardarmy bize aýatda, alla,
ýa-da ony aldyrdykmy bakyýa,
o gün biri ýagdaýyndan zeýrenip,
gelmäň diýip hat ýazypdyr geljege,
hem diýipdir töleg eden ýok maňa,
ezijini ýigrenýärin mugtuna,
maýyn tapsam, ak diwara gyzyllap,
ýazjak muny, öldürerler tutulsam,
gyzyl aç biz dokuň itlerin ýallap!..
Öýe gitmek, ýurdumyza dolanmak,
başardarmy bize aýatda, alla?..