Surat

Daşardan görünýän içeri

Ýaralajak bolar ýaraly käte,
ýarasyny ýalamagyň ýerine,
meger, gorkusyndan gapylan gözi,
näme gelse, geçse, aýdar serine,
bu bir kesel, azgyrylar, jabjynar,
ýüzi alnyp ýaşan adam, neresse,
dalananlar dalap, köşeşjek bolar,
hiç özi däl, diňe günäkär olar,
beýlekiler ogry, jümri, gurrumsak,
ol ak jüýje, belki, horaz diýmeli,
ili gaflat ukusyndan oýarýan,
ýogsa salar, şarpygyny iýmeli.

Diýer adam saňa eýle ýa beýle,
eýle ýa-da beýle duýsa özüni,
uly, goçak gürrüň eder kiçijik,
durşy bilen bolup düzüw, dürdäne,
aýdylany, edilmedik hiç haçan,
ýok birligi wagyz eder, nusgasy
özi hemem ülpetleri, gülmeli,
biri-birin satyp iki ädimde,
ile diýip göreşmeli, ölmeli...

O niräniň jebisligi, birligi,
gara günde galan ili goýaly,
aglap giden ojagyndan, öýünden,
aglap galan ezizleri yzynda,
mazar bolan gözi ýolda köpüsi,
saňa galsa, ýüregiňde sanawyň,
diliňe-de alyp bilýäň utanman,
barmasy ýok, görmesi ýok ilini,
ýat illerde galmaly hem ölmeli,
günäleri – bilýär kimiň kimdigin,
ýortup barman her diýene gelmeli.

Tapawudy näme tutulan ogryň,
ýa-da entek tutulmadyk, gutulan,
hiç çagyryp getirmersiň adamy,
gaçar millet, kime gerek utulan,
depä çykan mamla bolar, boýdan-baş,
çyplak bolsa, diýer jemagat donly,
bu bir kada, oýun etme il bilen,
olar seni, ony tanarlar, müýnli,
ýa-da müýnsüz, dowam edip oýnuny,
düşüner ol, eger çyzykdan çyksa,
senmi, başga, goýmaz, towlar boýnuny.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024