Arassa hapanyň göreşi
Özi ýaly etjek bolar, gowurak,
düzüwliräk güni bolsa, owarram,
zyýany ýok diýseň aýdýan zadynyň,
iň ejizlän, öz öýünde sany ýok,
ýa-da başga ýolda ýok eden özün,
bagyşlamaz çyzygyna gelmeseň,
adam pahyr, goranmaly ölýänçä,
derdi-bela, hatar ýetik, bilmeseň,
gara başyň guma sokup, ýok gözüm,
ýok gulagym diýip ýaşasaň käşgä,
ýöne ony hemme kişi başarmaz,
ýa-da özi bolar arassa hapa,
üstesine diplom alan birnäçe,
ýedi, ýetmiş gulpy ursa-da gapa,
geler, girer aladasy dünýäniň,
dawa salyp günde gowgaly başa,
ýa ýaradan ömür berip, diýýärmi:
ýaşap bilýän bolsaň, göreýin ýaşa.