Surat

Erksiz adam

Çöreginden kesseň, atdan düşürip,
günde terror bolup, girseň öýüne,
gylyjyny elden gaçyrar adam,
gaçyrar özüni soňky deşige,
poluň jaýrygyndan gaçan dek aşak,
teňňe ýaly, ýapyşalga aýlyga,
ýa günlüge çenli, bolsa-da mätäç,
soň gözlemez, aljak bolmaz yzyna,
göz öňünde gyrylan ýa urulan,
çagalaryn döküp giden, yzyna
diri galsa, gaýdyp gelen on ýyldan,
bilýän, görýän gapanlary gurulan,
ýüregini dowul gaplap ömürlik,
oýnan bolar terrorçynyň oýnuny,
elin çarpar, çaga ýaly, ýylgyryp,
kimler otyr depesinde, öňünde,
näme etjek, näme etdi geçmişde,
özüni ýitiren gözlemez, tapmaz,
düşünmedik bolar, bilmedik bolar,
gören bolar hatda gözi daňylsa,
ýa-da ölse, entek ölmedik bolar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024