Birinjilik dawasy

O birinji, bu birinji gürlese,
ýa beýleki birinjilik hakynda
iş edinip ýazar ullakan kitap,
ýa geçiren barlaglaryn güjeňlär,
bu däl, ilki o ýazypdyr roman,
ol iň ilki gabalypdyr kapasa,
beýlekisi ölen ilki türmede,
ýa bu biri adam satan ilkinji,
şondan ilki boşadylyp türmeden,
urşa giden iň ilkinji hatarda,
iň ilkinji maýyp bolan soňundan,
barmaklaryn kileň sowuk alypdyr,
ýaralanyp, köp ýatansaň gar iýip;
o birisi ilki turup ýerinden,
basyp alan ganym duşmana sögen,
ýurdun gorap ölenleri birme-bir,
adyn tutup, ýatlamaly diýipdir,
beýlekisi öz dilimiz – döwlet dili bolmaly,
öz elimiz, öz ýakamyz, bes indi
diýip çasly gygyrypdyr çekinmän,
birinji kän eken, seretsek, görsek,
o birisi iň ilkinji şertnama
gol çekipdir, aralykdan urupdyr,
bu birisi umman aşyp, ullakan,
öň açylan materige barypdyr,
hojaýyny ýaly gürleýär, täze
gelen ýerin, batan ýurdy galdyrjak,
soň yzyna gitjek, çagyrsa halky,
gerek diýip bilim bilen tejribe,
ýa-da özi diýse, walla, ýadadym,
ylymly, bilimli çagalary bar,
okapdyrlar, işläpdirler daşarda,
dil bilýärler, gel diýseler aňyrdan,
geljekmişin, barjakmyşyn birinji,
diýiljekmiş hana, eýýän gelipdir,
bu birisi ýat toprakda bireýýäm,
ilki mazar, arman çekip ölüpdir.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024