Un paýokly halk
Un paýogyn berip bilmän milletiň,
it heýkelin, at heýkelin gurmaly,
Saragt Babanyň bagtyn getirip,
goý, birleri tans etsinler öňüňde,
beýlekiler elin çarpyp durmaly,
urmaly sen aralykdan esasy,
bolar şonda adyň uly, kiçi däl,
eger halka bolsun diýip ýalňyşsaň,
eneň, ataň öldürerler, dagarman,
döwlet bolup, basyp depeden aşak,
ýat illerde bagyrarsyň, aglarsyň,
bir pil gumuň ýetmez ýene kimlere,
ömür boýy galar gözüňde duman,
dagy, düzi terk eden dek seň üçin,
göýdük ýazyjylar gargar yzyňdan,
on ýyl okap, adyn ýazyp bilmeýän,
täze nesil gözlär sözüňden güman,
ýa-da şübhe bildirmeli manyny,
din-imanly bolan bolar galany,
saňa däl, özüne ikilik eden,
biri-birin satyp güzeran aýlar,
hemem seni saýar ulumsy, gedem.