Döwlet we biz

Däp-dessury sylan bolýan hökümet,
sylaýarmy ata-baba däbini,
mertligini duşman bilen dikleşen,
başyn goýan deň bolmadyk söweşde,
gerçeklerin ýatlaýarmy hökümet,
ýa gorkýarmy ýagysyndan öler dek,
ata-baba basyp alan, öldüren,
aglamaly ýerde ýalan güldüren,
ganym bilen gatnaşýarmy saçakly,
ulusyny uly ýerinde goýup,
kiçisini goýup kiçi ýerinde,
goraýarmy goramaly ýerinde,
ýa-da türmä salyp, öldürýär gynap,
özün açyp goja dünýäň şerinde?

Garrysyny sylap, ýaşyny sylap,
din-imanly bolan bolýan hökümet,
sylan bolýan kanunlary, kadany,
azan ýa-da azdyran dek gäbini,
neden iliň ýagdaýyny bilenok,
garry-gurty, oglan-uşak, naçary,
näme üçin görenok ol el serse,
urulan, ýenjilen, zorlanan, ejiz,
näme üçin barara ýer tapmaýar,
ýa-da barsa, diňlenmeýär diýýäni,
hat ýazana şol bir jogap berilýär,
çek başyňa, eger bolsa, dünýäni,
ýa-da däbiň düýp manysy şundamy,
din hem iman boýdan-başa ýalanmy,
mamla diňe urup-ýenjip alanmy?

Däp-dessury sylan bolýan hökümet,
boş gürrüňi ýorgan edip ýapynyp,
dilinde bir, işinde bir, biz bilen,
belki, oýnap, uly dogan oýnuny,
görkezýändir nädip sagýar goýnuny,
geçisini, sygyrlaryn, düýesin,
döwletde däl, bizde günä, meşige
toşap guýsak görüp, görmän güýesin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024