Iman we adam

Näme edilmedi hakyň adyndan,
allanyň adyndan, gürleşen ýaly,
ýa-da ýaňy gelen ýaly ýanyndan,
näme diýilmedi adyndan diniň,
agzyn açyp, diňlän bolsa aňalyp,
ogry, jümri boldy asylly, dana,
goltugyna garpyz berip, gawun däl,
iberdiler urşa, gowga adamy,
talamaga bendelerin hudaýyň,
ýeke aýby o tarapda, duşmanmyş,
wada berip ýerde, aňyrda jennet,
edip bolsa edip bendäni bendi,
ýüp ýa arkan salman daňdylar, güýlüp,
gurbanlyga gelen janawar ýaly,
ýöne haky dile çolaýan günde,
gaýtalaýan hudaý sözün doga dek,
kiçi dilden bärde, ýüregi başga,
öňem birniň aýdyşy dek, imandan
ýer bilen gök ýaly uzakda, daşda,
alla diýer, emma tutjak, ütjek bor,
durmuş başga, iman başga, din başga,
gara nebis yza tesmez, höçjet bor.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024