Gam-gussanyň sebäbi
Durmuş beýle gowy zat däl, bilýärsiň,
sebäbi sen kim bolsaň-da ölýärsiň,
ýadaýarsyň ölmezden öň azajyk,
çörek atly, sen pyýada bolýarsyň,
ylgamaly yzyndan oň hemişe,
çörek tapsaň, börek gerek, bu gerek,
diýmek günde galman gitmeli işe,
ýöne gowy bolsa maşyn, motoryň,
puluň bolsa, taksi tutsaň, has gowy,
iň bolmanda tigriň bolsa, täze däl,
ýöne täze bolsa, aýdýarsyň näsin,
durmuş saňa gelin-gyzyň näzi däl,
maksat jandan ileridir kinoda,
şarpygy ol ýola çykan garakçyň,
eger gowy bolsa güzeran, ilde
baryşmaga, gelişmäge dost bolsa,
adam bolsa gürleşere adam dek,
ýa başgaça, bolsa gowy güýmenje,
munuň ýaly köpelmezdi adamlar,
käşgä gowy ýalan sözläp bilseler,
kyssa ýazsa ýary edinip pişe,
a beýleki ýary okasa kitap,
birisi däl, ikisi däl, bäşi däl,
durmuş beýle gowy zat däl, ylalaş,
şonuň üçin köp adam kän waşi däl.