Gidenler we galanlar
Mihail Žwaneskiniň äheňinde
Başda mamla boldy gidenler çykyp,
ýurduny terk edip, yzyn garaman,
soň az salym mamla boldy galanlar,
ene-atasy, garrylary ýaraman,
soň gidenler mamla boldy has uzak,
galanlaryň bary gitmek isledi,
ýollar açyk bolsa, gowşasa duzak,
soň ýene az mamla boldy galanlar,
gelesi gelýänler bilmänsoň gelip,
hasssa bolup, ýat illerde hary-zar,
del toprakda ýaýlananlar köpelip,
ýöne ýene mamla bolýar gidenler,
açlyk, kesel ýakasyny tanadýar,
hajy bolup halka sütem edenler...