Iň soňunda

Iň soňunda iň ýaranjaň,
iň köp eglen dikeler-de,
diýer sözün ýürekdäki,
çyn sözüni saklan uzak,
awy ýaly, zäher ýaly,
hem hakykat durşy bilen,
diktatura, seniňki kyn,
seniňki kyn eziji han,
eli ganly, ýoly ganly,
gara şaýa geler jahan,
goýup gitjek wagtyň baryn
talap alap altyn-kümşüň,
tona-tonna, ýetimleriň,
ýesirleriň gözde ýaşy,
iň soňunda şeýle bolar,
nälet okar öwen bagşy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024