Torba gaýgysy
Guly bolma geçmişiň sen,
aglap onuň agysyny,
ýaralaryň açyp özüň,
ýa dyrmasa dosty-ýaryň,
sen agyra çydap, dözüp,
azaltjak bol azabyn oň,
ýuwup için, daşyn günde,
arassalap, derman çalyp,
sabyr et sen, gyssanyp däl,
kanagatly ädip öňe,
göze-başa düşmejek bol,
atyp-düşme, saçak ýazyp,
çagyrsalar, çaga ýaly,
ýatla içen näme boldy,
ýatla näme boldy çeken,
ýa guçanlar näme boldy,
çem gelenin, sana gyzyp,
gaçan näme boldy gaçman
gara nebsiň gujagyndan,
näme boldy ýetimlikden
çykyp bilmän garranlara,
ata bolup, ene bolup,
guly bolma geljegiň sen,
öz-özüňi torba salyp.