Adam bolmak kynçylygy
Maryly şahyr Eduard Asadowyň äheňinde
Gowy dogsun ýa-da erbet,
guşlar hökman uçar, gonar,
öz awuny awlar özi,
hemem öler gökde uçup,
gaçyp ýere, ýumup gözün,
emma adam başgaça bor,
dogulsa-da gowy, sagat,
adam bolmak alar wagty,
garaňky ýa ýoly ýagty
bolsun gelip gaty bagty,
azaşar ol, galar gijä,
adam boljak bolup uly,
gerek dälkä güýjün tijäp,
gerek zada ýetmän puly,
bir-biregi ütmek-de bar,
çykdym diýip iň ýokaryk,
adam bolman gitmek-de bar.