Edip biljek zadyň
Seniň edip biljek zadyň,
bolan, geçen, boljaklary
üýtgetmek däl ýuwup, ýülmäp,
ýaglap, çatyp gerek bolsa,
aýakgap dek, ykjam, degmän
geçer ýaly uzak ýoly,
bir eliňden geljegi şu,
kimsä diýmän -meli, -maly,
bilip durup mamlalygyň,
söz tapmasaň laýyk doly,
azap etme jinnek ýaly,
düşme aşak, kiçelme hiç,
kiçeltdirme özüň asla,
tekge berip goltugyňdan,
söýget bolup öz-özüňe,
git ýoluňa, galdyrman baş,
ýakyn – ýakyn, daş bolar daş.