Bölekleýin mobilizasiýa
Gidenler, elbetde, başga mesele,
galanlaram başga mesele, belki,
näme diýjek adam gitmek islese,
çekip bilmän, dogduk ýurdun terk edip,
näme diýjek adam galmak islese,
gidip bilmän ýa özüne erk edip,
agyr günün çekip il bilen bile,
depä çykan gülýän wagty merk edip,
awy edip iýenini milletiň,
zäher edip geýenini egnine,
hem hemmesi bir mesele bularyň,
ýöne kimiň kime näme diýmäge
haky bar ýa islegi bar, düşünse,
düşünmese, näme diýende näme?