Sen ynanma

Sen ynanma ady döwlet bolsa-da,
hukuk, kanun sözün edinip baýdak,
ýetim-ýesir depelese, ynjytsa,
goramaga derek naçar namysyn,
basgylasa soňsuz nökeri bilen,
sen ynanma, ýa garaşma kömege,
heläk bolsaň, ýetişjege, aljaga
zalymyň elinden, gutaryp janyň,
bejerjege ýaralaryň, ganaýan,
em boljaga, derdiň bolsa dermansyz,
ýokdur olar, bolmaz döwlet bidöwlet,
zalym bolsa öz halkyna ozaly,
gol gowşuryp güýçlüleriň öňünde,
diýmek, seniň ýagdaýyňy düzetjek,
ýa-da düzetmejek özüňsiň diňe,
bu ýerde iş gerek, hem akyl gerek,
daşyňdan däl, içden diýmeli öňe,
hem etmeli ýüregiňe düweniň,
sen ynanma kim bolsa-da, aýdylan:
düýbi çüýrük öz-özüni öweniň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024