Esasy iş
Öz-özüňe eliň uzat,
el uzadan bolmasa hiç,
gaçyp gitse iliň-günüň,
ýa saklansa, saňa deňiç
gelip bilmän, bilip bilmän,
näme seniň pikir-oýuň,
ýa ýaltanyp, galsa ýolda,
mugt berilýän duzdan iýip,
ýog-a ölen diýip buýup,
sen olara şalyklaryň,
ýa şalaryň ýykylýanyn,
köşki-eýwan ýakylýanyn,
ýa başga zat aýtjak bolma,
biler özi gerek wagty,
gerek bolsa çyra, ýagty,
nebit tapar, tapar pelte,
ýa üşese, odun çöpläp,
ot ýakmagy biler adam,
ýa bilmese, öz işi oň,
sen özüňe eliň uzat,
ertä goýma şu işiňi,
bugdaý sözüň ber özüňe,
ýylgyrjak bol ertir, agşam,
durmuş, meger, iň ozaly,
öz durmuşyň bilmek ogşap.