Dünýäniň bolup bilşi
Dünýe mydam şeýle, belki,
hem mydama ezýän ýetik,
ezilýänler çenden artyp,
gahar-gazap möwjeýänçä,
soňra bolup uruş-gowga,
biri-birin çekip, dartyp,
ýerleşýänçä täze gelen
ezijiler ylgap, ýortup,
alýançalar orunlaryn,
ýazýançalar täze taryh,
biri-birin edip taryp...
Gülen bolsaň, durmuş-da bu,
diýen bolup oturmaga,
turmazlyga ýeriňden hiç
müňläp delil tapyp bolar,
emma aýtsaň ýekeje söz,
birje gerek sözi käte,
ýokardaky daýy, däde,
ynjalykdan gaçar hökman,
gahar eder ýa uýalar,
karam oýnar, aryn alar,
dünýe mydam şeýle, belki,
bizden soňam şeýle bolar.