Alym adam
Öňem biri, jany ýanan, elbetde,
diýipdir, wah, deşdiňem-dä diwary,
gara başyň urup, gara gan edip,
näme etjek tussag bilen beýleki,
goňşy kamerada öz etin iýýän,
Alla bardyr, bir gün ýetişer diýýän,
oturaly şükür edip bu deme,
adam eli bilen düzelmez dünýä,
döwülen adamlar, garaşýan eme,
kändir emma, turup, aljagy azdyr,
ýokardan uzarsaň, zyndana gelip,
belki, senden beter kejigen olar,,
bu dünýäniň gülküdigne düşünip,
ýa düşünip adamlaryň mämüçin
diwar gurýanyna geçide derek,
görmez ýaly o tarapyn derýanyň,
oty ösgün, şetdalysy has süýji,
adam alym, himiýa ol durşuna,
synag eder soňsuz ýetdikçe güýji,
akylyndan azaşar ol bar bolsa,
a akylsyz eder barlyga hüjüm.