Täze din
Tanamasaň, belki, gowudyr, dostuň
ýitirmersiň, galmaz daşyň çolaryp,
sürgünde däl ýat illerde, öýüňde,
Gurbannazar ýaly ýekelik derdin
çekeniňden gowy bilmäniň, walla,
kimiň kimdigini, özüňi aldap,
dostly bolup, bolup gelim-gidimli,
ýaşasaň birsellem, geçýär-ä durmuş,
sylap goýman gowy, erbet, hemmäni,
nireden tapdylar gowy bolmaly,
aglamadyk çaga emmez emmäni,
arpa ekip, bugdaý oran ýok diýip,
nakyl bolsa, akyl bolsa, barysy
beýlekisin ret edýär, kim nämä,
haýsy dine ynansa-da ýalňyşýar,
soň düşünýär ertekiniň sepine,
gowusy din döret özüň özüňe,
ýüpzüz daňman geçenleriň gepine.