Durmuş ýoly

Uly ýolda, kiçi ýolda, aralyk,
dar ýollarda darygana daralyp,
öňden barýan arabany gyssama,
ýa gysganma ozup, geçip gitjegi,
owadan maşynly, täze, haýbatly,
seniňkiden gymmat, göwni galkynan,
görkezmeli kim ýa näme köçede,
ýa köneje, horaşaja maşynly,
belki, kompensasiýa gerekdir göwne,
geçjek bolsa gödek, egniňden basyp,
seresap bol, goýber, pahyr begensin,
durmuş – ýaryş diýip, ýetýänçe öňden
gözüni gyzardyp, çykýança çyra,
ýaşyl ýansa begen, durmasa saňa
gözüniň gytagyn aýlap, buýsanyp,
yzdan gelseň, bolan bolup edenli,
başyňy galdyrma, seretme asla,
goý, ynansyn, eden bolsun edenni,
gynanma hiç, düşünjek bol başarsaň,
belki-de, özüňi görersiň onda,
seljerersiň peslikleriň, sapakdyr,
mugallymmyş munda öüňden çykan,
ýa yzyňdan gelýän, ders berip gitjek,
uly ýolda, kiçi ýolda, aralyk
ýodalarda bolma gaharjaň, höçjet.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024